Türkmen ýaşlary daşary ýurtlarda tejribe toplaýarlar.

Slowak Respublikasynyň Bratislawa şährinde ýerleşýän meşhur slowak tenniçi Dominika Sibulkowanyň Tennis akademiýasynda türgenleşýän Isa Mämmetgulyýewdir. Ol Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtingine giren türkmen türgenleriniň biridir. Isa Mämmetgulyýew ITF-iň baýdagy astynda guralan professional halkara ýaryşlarynda 14 gezek çykyş etdi. 2019-njy ýylda Dewisiň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlarda Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde ýekelikde çykyş edip, netijeli oýun görkezdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň West-Lafaýett şäherindäki Pýordýu unewirsitetiniň ykdysady menejer fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Arslan Oraşow tennis sporty boýunça yzygiderli türgenleşik geçip, 2019-njy ýylda ABŞ-da guralan tennis ýaryşlarynyň 19-synda çykyş etdi. 18 ýaşa çenli tennisçileriň sanawynda (U-18) iň gowy reýtingi 521-nji orun bolan bu tennisçiniň ABŞ-daky reýtingi 73-nji orundyr. Ol Dewisiň kubogynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynda çykyş etdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy Aleksandr Ärnepesow häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki “Ýužnyý Tim” akademiýasynda zähmet çekse, Georgiý Poçaý Russiýa Federasiýasynyň Ýewpatoriýa şäheriniň Tennis akademiýasynda tälimçi bolup işleýär. Munuň özi halkara tejribesini özleşdirmekde we ony türkmen tennisçilerine ýetirmekde özboluşly mekdepdir.

Suratlar

Hemaýatkärler