Türkmenistanyň wekili Dewisiň Kubogyny we Halkara Tennis Federasiýasynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlary geçirmek boýunça işjeñ halkara toparyna saýlandy.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň baş kätibi Eziz Döwletow Dewisiň Kubogyny we Halkara Tennis federasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlary geçirmek boýunça ITF-yň Prezidentiniň garamagyndaky işjeň halkara toparyna saýlandy. Agzalan toparyň düzümine Kosta-Rikanyň, Irlandiýanyň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Paragwaýyň, Ermenistan Respublikasynyñ, Daniýanyň, Gonkongyň, Şwesiýanyň, Niderlandyň, Guamyň, Özbegistanyň, Ysraýylyñ we Türkmenistanyň wekilleri girýär.

Toparyň agzalygyna ITF-yň dolandyryjy direktorlary, milli federasiýalaryň wekilleri hem-de beýleki degişli hünärmenler girýär. “ITF-2024-iň” baş ýörelgesinden ugur alyp, 2020-2021-nji ýylyň dalaşgärleriniň saýlawlary gender deñligini, islegleri we hyzmatdaşlygy göz öňünde tutmak esasynda geçirildi.

Suratlar

Hemaýatkärler