Türkmenistanyň we Russiýanyň federasiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk.

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň sportuň tennis görnüşini ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän döwletli başlangyçlarynyň netijesinde durnukly ösüşler gazanylýar. Dostlukly döwletleriň tennis federasiýalarydyr akademiýalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar bolsa alnyp barylýan işleriň gerimini giňeldýär. Ýurdumyzda tennisi ösdürmek babatda amala aşyrylýan işleriň öz miwesini berýändigini türkmenistanly tennisçileriň halkara ýaryşlarynda görkezýän netijeleriniň mysalynda hem görkmek bolýar.

2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde Moskwa şäherinde Russiýanyň tennis federasiýasynyň ýolbaşçysy Şamil Tarpişew bilen Türkmenistanyň Tennis Federasiýasynyň baş kätibi Eziz Döwletowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türmenistanyň we Russiýanyň tennis federasiýalarynyň jogapkär wekilleriniň arasyndaky duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ugurlary we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tennis sport toplumlarynda türgenler üçin okuw türgenleşiklerini gurnamagyň ýollary öwrenildi.

Russiýanyň çäklerinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaga hukuk berýän rugsatnamalary Türkmenistanyň Tennis Federasiýasynyň türgenleri üçin hem bölüp bermek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Netijede, häzirki wagtda Türkmenistanyň we Rusiýanyň tennis federasiýalarynyň arasynda netijeli gatnaşyklar dowam edýar.

Suratlar

Hemaýatkärler