Aşgabat şäherinde 12 ýaş we ondan kiçi ýaşdaky türgenler üçin Merkezi Aziýa sebiti boýunça halkara ýaryşy tamamlandy.

1-7-nji iýun aralygynda "Aşgabat" köpugurly stadionynyň tennis kortlarynda Halkara tennis federasiýasy tarapyndan guralan 12 ýaş we ondan kiçi ýaşdaky türgenler üçin Merkezi Aziýa sebiti boýunça toparlaýyn saýlama ýaryş geçirildi.

Saýlama ýaryşa owganystanly, gazagystanly, gyrgyzstanly, özbegistanly, täjigistanly, türkmenistanly tennisçiler we tälimçiler gatnaşdy.

Ýaryşa Halkara tennis federasiýalaryniň wekilleri eminlik etdiler. Ýaryşyň netijesinde Gazagystanyň oglan we gyz milli ýygyndylary I orna, Özbegistanyň oglan we gyz milli ýygyndylary II orna, Türkmenistanyň oglan we gyz milli ýygyndylary III mynasyp boldular.

Suratlar

Hemaýatkärler