Täze utuşlar ýolunda.

9-14-nji sentýabr aralygynda Taýlandyň Nonthaburi şäherinde Aziýanyň tennis federasiýasy tarapyndan guralan 14 we ondan kiçi ýaşly türgenler üçin 2-nji derejeli halkara ýaryşynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzasy Anastasiýa Azimbaýewa ýekelikde ýarym finala, jübütlikde 1/16 finala çykmagy başardy.

Türkmenistanly tennisçi gyz A.Azimbaýewanyň 2019-njy ýylyň dowamyndaky ýaryşlarda görkezen netijeleriniň mysalynda onuň barha kämilleşýändigini görmek bolýar. Şeýle türgenleriň hatarynyň köpelýändigi bolsa bizi begendirýär.

Suratlar

Hemaýatkärler