Halkara Tennis Federasiýasynyň Kubogyny we Dewisiň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlarda tejribe toplaýarys.

Türkmenistanly gyzlaryň milli ýygyndy topary Malaýziýa döwletiniñ Kuala-Lumpur şäherinde geçen Halkara Tennis Federasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky saýlama ýaryşyň bir tapgyrynda çykyş edip, halkara tejribesini artdyrdylar.

Erkekleriñ milli ýygyndy topary bolsa Iordaniýa döwletiniň Amman şäherinde geçirilen Dewisiň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda çykyş edip, öz toparynyň içinde ikinji orna mynasyp boldy. Soňky tapgyrda bolsa türkmen tennisçileri Iordaniýa döwletiniň milli ýygyndy topary bilen duşuşdylar. 

Suratlar

Hemaýatkärler