2021-nji ýylyň 26-njy ýanwaryndaky Halkara Tennis Federasiýasynyň wekilleri bilen sanly wideo-aragatnaşyk arkaly duşuşygy
2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyñ Tennis Federasiýasynyň baş kätibi E.Dowletow we Türkmenistanyñ Milli Olimpiýa Komitetiniň baş kätibi A.Akmämmedow Halkara Tennis Federasiýasynyň wekilleri bilen sanly wideoulgamy arkaly duşuşyga gatnaşdylar. Gün tertibinde ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň IV sebitleýin toparynyň Dewisiň Kubogy atly ýaryşynyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara Tennis Federasiýasy,
geçiriljek ýaryşyna öňünden taýynlyk görülmegi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.