06 – 12-nji
sentýabry 2021ý.

00

GÜN

00

SAG

00

MIN

00

SEC

Aziŷa we Okeaniŷa
sebitiniñ IV
toparynyñ ýaryşy

Türkmen türgenleri sport psihologiýasyndan okuw sapaklaryny geçýärler

Üstümizdäki ýylyň 6-njy sentýabryndan 12-nji sentýabryna çenli Aşgabatda geçiriljek Dewisiň kubogyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Tennis federasiýasy «IDea» okuw merkezi bilen bilelikde milli ýygyndymyzyň agzalary üçin sport psihologiýasyndan okuw sapaklaryny gurady.

Okuwy bu ugurdan ýörite bilimli hünärmen Irina Döwletowa geçirilýär. Ol

Russiýa Halkara Olimpiýa uniwersitetinde sport psihologiýasyndan hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwy üstünlikli tamamlady. Ýeri gelende

aýtsak, bu okuw jaýy HOK-yň Sebitleýin Olimpiýa ylmy-barlag merkezi derejesine eýe bolan, dünýä ýüzünde şunuň ýaly derejedäki ilkinji ýokary okuw

mekdebi bolup durýar.

Okuwyň dowamynda birnäçe maşklar, şol sanda ünsiňi jemlemek, psihologiki durnuklylyk, ýaryşlarda joşgunyň hem-de hyrujyň ýüze çykmagy ýaly psihologiki hadysalaryň üstünde işlenilýär. Adam sport bilen meşgullananda ýokary fiziki we psihologiki agramlary görýär, şonuň üçin hem ol ýaryşlara fiziki taýdanam, psihologiki taýdanam taýýar bolmalydyr.

Özleriniň psihologik taýýarlygyna ýeterlik dereje-de üns berýän türgenler

ýokary netijeleri hem gazanýarlar. Sport psihology bilen işlemek olaryň öz çekinjeňliklerini, ýaýdanmasyny we ýaryş wagty bökdençlik döredýän beýleki

kynçylyklary ýeňip geçmegine, erk-başarnyklaryny türgenleşdirmegine, şeýle-

de öz mümkinçiliklerine dogry baha bermeklerine kömek edýär.

Bu okuw sapaklary ýaryşa taýýarlyk döwrüniň tutuş dowamynda geçiriler.


«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň 

redaksiýasynda terjime edildi.

www.orient.tm

Suratlar

Hyzmatdaşlar