06 – 12-nji
sentýabry 2021ý.

00

GÜN

00

SAG

00

MIN

00

SEC

Aziŷa we Okeaniŷa
sebitiniñ IV
toparynyñ ýaryşy

Türkmenistan Dewisiň Kubogyna taýýarlanýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda Aşgabatda tennis boýunça halkara ýaryş — Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparlaýyn tapgyry geçiriler. Şeýlelikde, Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlyk baýramyny sport baýramy bilen garşylar. Bu ýylda geçiriljek halkara sport ýaryşlarynyň biriniň tennis bilen baglanyşykly bolmagy bizi diýseň begendirýär.

Hormatly Prezidentimiziň halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurtda olimpiýa hereketini ösdürmek maksady bilen gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine tennis federasiýamyzyň Halkara tennis federasiýasy bilen bilelikde Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyryny şu ýylyň 6-12-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçirmäge ygtyýar berildi. Şeýlelikde, Olimpiýa şäherçesi nobatdaky gezek tennis boýunça haikara ýaryşy kabul eder.

Dewisiň Kubogy nähili ýaryş? Ilki bilen, şu sowala jogap bereliň! Bu ýaryşyň 121 ýyllyk taryhy bar. Ol gözbaşyny 1900-nji ýyldan alyp gaýdýar. Şol ýyllarda ABŞ-nyň Garward uniwersitetinde okap ýören Dwaýt Dewis talyp ýoldaşlarynyň ýene-de üçüsi bilen bilelikde, bu ýaryşy esaslandyrýar. Ilkinji ýaryş diňe ABŞ-nyň we Beýik Britani- ýanyň ýygyndylarynyň arasynda geçirilen bolsa, 2019-njy ýyldaky ýaryşa gatnaşan ýygyndylaryň sany 133-e ýetdi.

Türkmen türgenleri Dewisiň Kubogyna 2004-nji ýyldan bäri gatnaşyp gelýärler. Biziň türgenlerimiz ýurdumyzyň geografik ýerleşiş ýagdaýyna görä, Aziýa — Okeaniýa zolagynda ýaryşýarlar. 16 ýaryşlyk tejribämizde türkmen tennisçileri 2012-nji ýylda görkezen ýokary netijesi bilen, 2013-nji ýylda üçünji toparçada ýaryşmaga hukuk gazanypdy. Häzir olar ýene-de dördünji toparyň ýeňijileriniň hataryna girip, ýokarky basgançaklara dalaş edýärler.

Dewisiň Kubogy başgaça toparlaýyn dünýä çempionaty hökmünde hem häsiýetlendirilýär. Bu ýaryşlarda türgenleriň şahsy görkezijisinden zyýada milli ýygyndylaryň görkezijilerine has uly üns berilýär. 2004-nji ýyldaky ýaryşdan bäri, biziň türgenlerimiz 72 duşuşyk geçirdiler. Aleksandr Ernepesow, Georgiý Poçaý, Döwran Çagylow, Mälikguly Mämmetgulyýew ýaly türgenlerimiz Dewisiň Kubogynyň dürli ýyllarda geçirilen ýaryşlarynda üstünlikli çykyş eden ildeşlerimizdirler.

Şu ýyl paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek duşuşyklara umumy ýaryşyň dördünji toparynyň Aziýa — Okeaniýa zolagynyň wekilleri gatnaşarlar. Duşuşyklara milli ýygyndymyzdan başga-da, Bahreýniň, Kambojanyň, Guamyň, Eýranyň, Yragyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Mýanmanyň, Omanyň, Saud Arabystanynyň, Singapuryň, Täjigistanyň, Ýemeniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň erkekler ýygyndylary gatnaşarlar.

         Häzirki düzgünnamalara görä, 15 döwlet üç toparçada ýaryşar. Her toparçanyň iň gowy iki wekili toparçadan çykyp, 2022-nji ýyldaky ýaryşda (Dewisiň Kubogy her ýyl geçirilýär) üçünji derejeli topara goşulmaga hukuk gazanmak üçin, beýleki toparçalaryň ýeňijileri bilen oýunlaryň netijesinde iň güýçli 3 ýurduň ýygyndylary saýlamaly.


Gowy taýýarlygyň netijesinde, biziň toparymyzyň ýaryşda üstünlikli çykyş edip, indiki ýyl üçünji derejeli topara goşulmaga mümkinçiliginiň bardygyny aýratyn nygtamak isleýäris. Ýurdumyzyň ýygyndysy 2019-njy ýyldaky ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edip, ýokarky basgançaga çykmaga juda ýakynlaşypdy. Bu gezekki maksadymyz — ilki wekilçilik edýän toparçamyzyň ýeňijisi bolup, soňra saýlama duşuşyklaryň netijesi bilen 2022- nji ýylda üçünji toparda ýaryşmak.

Paýtagtymyzda geçiriljek ýaryşda milli ýygyndymyza sport ussatlygyna dalaşgär Mirali Gasanow ýolbaşçylyk eder. Ol häzir türgenlerimize tälim berýär. Miraliniň ýolbaşçylygynda ýaryşa gatnaşmak üçin Gurbanberdi Gurbanberdiýew, Atlymyrat Gurbanow, Meýlis Orazmuhammedow, Gurbangeldi Sähedow, Ýuriý Rogusstiý, Hajymyrat Çaryýew ýaly türgenlerimizi taýýarlaýarys. Halkara ýaryşda çykyş etjek milli ýygyndymyzyň gutarnykly düzümi biraz soňrak belli bolar.

Milli ýygyndymyz ýaryşyň geçiriljek ýerinde — Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda türgenleşýär. Türgenleşikler hepdäniň alty gününde, her gün hem iki wagtyna alnyp barylýar.

Şu ýerde ýurdumyzyň dürli derejedäki halkara ýaryşlary geçirmekde soňky ýyllarda baý tejribe toplandygyny nygtamak gerek. Tennis boýunça ýaryşlar Aşgabatda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyndan hem orun aldy. Şeýle-de 2019-njy ýylda Aşgabatda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirildi.

Paýtagtymyzda geçiriljek halkara ýaryş türkmen tennisçileriniň ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna sowgatly barmagy üçin oňat mümkinçilikdir. Bu hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty ösdürmek babatda edýän çäksiz aladalarynyň we şol aladalaryň netijesinde halkara sport guramalarynyň Türkmenistana belent ynamynyň miwesidir. Biz bu aladalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.

Eziz DÖWLETOW,

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň baş kätibi.

«Türkmenistan Sport» Halkara žurnaly, №1 (9) 2021

 

Suratlar

Hyzmatdaşlar