06 – 12-nji
sentýabry 2021ý.

00

GÜN

00

SAG

00

MIN

00

SEC

Aziŷa we Okeaniŷa
sebitiniñ IV
toparynyñ ýaryşy

Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy Dewisiň Kubogynyň tapgyryna top ýygnaýjylary taýýarlaýar

Şu ýylyň sentýabr aýynda meýilleşdirilýän Dewis Kubogynyň tapgyryna taýýarlyk görmek maksady bilen Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy top ýygnaýjylary taýýarlamak boýunça iş alyp barýar.

Bilşiňiz ýaly, top ýygnaýjylary tennis ýaryşyna, ýagny toplara hyzmat edýän ýaşlaryň arasynda. Top ýygnaýan oglanlary ilkinji gezek 1920-nji ýylda Wimbledon ýaryşyna hyzmat edip başladylar, 1977-nji ýylda gyzlar hem top ýygnaýjylar hökmüne çykyş edip başlady. Top ýygnaýan oglanlar erkekleriň ýaryşlarynda, top ýygnaýan gyzlar bolsa aýallaryň arasyndaky ýaryşlarynda  hyzmat etdiler. 1980-nji ýyldan başlap, oglanlar hem gyzlar bilelikde top ýygnaýjylaryň toparyna goşuldy.

Dewisiň Kudogyna gowy taýýarlanan top ýygnaýjylar – bu abraýly ýaryşyň ajaýyp guramasynyň alamatlarynyň biridir. Häzirki wagtda, “Aşgabat” köpugurly stadionynda TTF-sy 50 adamdan ybarat  bolan top ýygnajy topary üçin okuw we amaly sapaklary yzygiderli geçirýär. Topar 12 -14 ýaş aralygyndaky oglanlardan we gyzlardan ybarat.

Federasiýanyň metbugat sekretary Batyr Rejepow: “Elbetde, Dewisiň Kubogynda top ýygnaýjy bolmak diňe bir abraýly däl, tennis bilen çuňňur gyzyklanýanlar üçin maksada laýykdyr. Sebäbi, bu ussat oýunçylaryň oýnuna tomaşa etmek, oýnuň taktikasyna eýermek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Mundan başga-da, top ýygnaýjylary tennis ýyldyzlaryndan aňsatlyk bilen gollaryny alyp, olar bilen surata düşüp bilerler. Olaryň esasy wezipeleriniň oýunlaryň arasyndaky araakesmeleri azaltmak bolandygy sebäpli, top ýygnaýjylar ýörite taýýarlyk görýärler. Bu, oýunçylara päsgel bermezden, öz ýerine ýetirmeli wezipelerini anyk bilmäge mümkinçilik berýär ".

Penşenbe güni, 2021-nji ýylyň 20-nji maýynda, TTF-sy top ýygnaýjylary üçin tejribelik sapaklaryny geçirmegini meýilleşdirilýär, şondan soň olar Türkmenistanyň Çempionatynyň ýarym we final oýunlarynda tejribe alarlar.

turkmenportal.com

Suratlar

Hyzmatdaşlar