Türkmenistanda tennis ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi

Paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli, 16-23-nji maýy aralygynda "Aşgabat" köpugurly stadionyň tennis meýdançalarynda Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy tarapyndan tennis sporty bovunca Türkmenistanyň Çempionatyny we Birinjiligini geçirdi.

Maý aýynyň 22-ne geçen ýaryşlaryň netijeleri jemlenip, ýeňijiler sylaglandy.

Mary şäherinden tennis sporty boýunça milli derejeli emin Andreý Döwmatow sport ýaryşlarynda baş emin hökmünde çykyş etdi.

Türkmenistanyň Birinjiliginde gatnaşyjylar iki ýaş toparlarynda bäsleşdiler: 2007-2009-njy ýyllarda dogulan türgenler hem-de 2009-njy ýylda dogulan we ondan kiçi bolan türgenler.

Türkmenistanyň Çempionatynda 2007-nji ýylda dogulan we ondan uly bolan türgenler gatnaşyp, zenanlar ýekelikde, erkekler ýekelikde we jübütlikde bäsleşdiler.

Ýaryşa gatnaşmak üçin Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 140 adam isleg bildirdi.

2009-njy ýylda dogulan we ondan kiçi bolan oglanlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň Birinjiliginiň  netijesinde aşakda görkezilen türgenler baýrakly orunlaryna mynasyp boldular:

  1. Imran Ahundow. Tälimçi - Gasanow Mirali.
  2. Selim Çagylow. Tälimçi - Azizowa Weronika.
  3. Resul Mämmetgurbanow. Tälimçi - Hummetowa Ummarahmat.


2009-njy ýylda dogulan we ondan kiçi bolan gyzlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň Birinjiliginiň  netijesinde aşakda görkezilen türgenler baýrakly orunlaryna mynasyp boldular:

  1. Ilima Guseýnowa. Tälimçi - Gasanow Mirali.
  2. Jennet Çaryýewa. Tälimçi - Dowmatow Andreý.
  3. Sabrina Rahmanowa. Tälimçi – Romanenko Oksana).


2007-2009-njy ýyllarda dogulan oglanlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň Birinjiliginiň  netijesinde aşakda görkezilen türgenler baýrakly orunlaryna mynasyp boldular:

  1. Selim Pirjikow. Tälimçi – Hallyýewa Jennet.
  2. Resul Ataýew. Tälimçi - Dowmatow Andreý.
  3. Resul Mämmetgurbanow. Tälimçi - Hummetowa Ummarahmat.


2007-2009-njy ýyllarda dogulan gyzlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň Birinjiliginiň  netijesinde aşakda görkezilen türgenler baýrakly orunlaryna mynasyp boldular:

  1. Aişa Bikbulatowa. Tälimçiler – Gurbanow Atlymyrat we Hallyýewa Jennet.
  2. Merýem Muhammedowa. Tälimçiler – Gurbanow Atlymyrat we Hummetowa Ummarahmat.
  3. Mariýa Atamuradowa. Tälimçi - Molçanow Ýewgeniý.


Erkekleriň arasynda Türkmenistanyň Çempionatynyň netijesinde aşakda görkezilen türgenler ýekelikde baýrakly orunlaryna mynasyp boldular:

1 ýer – Ýuriý Rogusskiý. Tälimçi - Gasanow Mirali.

2 ýer – Atlymyrat Gurbanow. Tälimçi - Gasanow Mirali.

3 ýer – Meýlis Orazmuhammedow. Tälimçi - Gasanow Mirali.


Zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Çempionatynyň netijesinde aşakda görkezilen türgenler ýekelikde baýrakly orunlaryna mynasyp boldular:

1 ýer – Bahar Toýmyradowa. Tälimçiler - Gurbanow Atlymyrat we Woýniç Nelli.

2 ýer – Anastasiýa Azimbaýewa. Tälimçi - Gasanow Mirali.

3 ýer – Aişa Bikbulatowa. Tälimçiler – Gurbanow Atlymyrat we Hallyýewa Jennet.


Erkekleriň arasynda Türkmenistanyň Çempionatynyň netijesinde aşakda görkezilen türgenler jübütlikde baýrakly orunlaryna mynasyp boldular:

1 ýer – Ýuriý Rogusskiý we Gurbanberdi Gurbanberdiýew. Tälimçi - Gasanow Mirali.

2 ýer – Atlymyrat Gurbanow we Hajymyrat Çaryýew. Tälimçi - Gasanow Mirali.


Ýaryşlaryň baş hemaýatkäri hökmünde “Aşgabat” sport klublarynyň ulgamy çykyş etdi.

turkmenportal.com

Suratlar

Hyzmatdaşlar