"Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyñ 30 ýyllygyna " atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy

Türkmenistanyň Tennis Federasiýasynyň baş kätibi Döwletow Eziz Meýlismyradowiç, ýurdumyzyň çuññur hormatlanýan Prezidentinden döwlet baýragyny almak hormatyna eýe boldy!

E.Dowletowyň çykyşyndan:

"Pespäl işim üçin şeýle ýokary baýraga mynasyp bolmak meniň üçin uly hormat we şatlykdyr! Bu, maña ýurdumyzyň ösüşiniň bähbidi üçin işlemegi dowam etdirmäge uly itergi berýär! Hormatly Prezidentimize sporty ösdürmäge we ýaşlara goldaw bermäge gönükdirilen ünsi üçin minnetdarlygymy bildirýärin! Işimi jemgyýetimize we söýgüli ýurdumyza peýdaly etmek üçin ähli tagallalary we mümkinçilikleri dowam etdirerin! "

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly üstünlik gazanandygy üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziñ we mähriban halkymyzyñ öñünde bitiren hyzmatlary, köp ýyllaryñ dowamynda çeken halal we göreldeli zähmeti nazara alnyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziñ beýik Garaşsyzlygynyñ 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli "Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyñ 30 ýyllygyna " atly ýubileý medaly!

Şeýle hem, tennis sporty boýunça tälimçisi Jenneta Hallyýewa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi diýen ada mynasyp boldy hem-de Hormatly Prezidentimizden medal aldy.

Suratlar

Hyzmatdaşlar