TÜRKMENISTANYŇ TENNIS
FEDERASIÝASY

year logotype

Türkmen tennisçisi Saud Arabystanyndaky turnirde altyn we kümüş medal gazandy.

13 ýaşly türkmen tennisçisi Süleýman Hudaýberdiýew Saud Arabystanynda geçirilen halkara turnirde iki gezek hormat münberine çykdy. Ýaryşlar Jidda şäherinde Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirilip, oňa 13 döwletden 14 ýaşdan uly bolmadyk 36 ýetginjek gatnaşdy.

​Mekdep okuwçysy ýekelikde kümüş medalyň eýesi boldy, jübütleýin ýaryşda bolsa iň ýokary baýraga mynasyp boldy.

​Ýekelikde finala barýan ýolda birinji belgili tennisçi S. Hudaýberdiýew üç gezek ýeňiş gazandy: Kameron Prattlini (Hytaý Gökongy) — 6:2, 6:1, Elýas Algaflini (Saud Arabystany) — 6:1, 6:3 we Fahad Saifi (Yrak) — 6:0, 6:2 hasabynda ýeňdi.

​Baş baýrak ugrundaky final duşuşygy «Ashgabat Open 2024» ýaryşynyň finalynyň gaýtalanmasy boldy. Süleýman dördünji belgili pákistanly tennisçi Muhammet Hassan Usmani bilen duşuşdy. Eger Aşgabatdaky turnirde türkmen tennisçisi diňe bir geými alyp bilen bolsa, bu gezek ol has uly garşylyk görkezip, dört geými (birinji setde üç, ikinjide bir) öz ugruna çözmegi başardy.

​Jübütleýin ýaryşda finalçylar Süleýman Hudaýberdiýew we Muhammet Hassan Usmani bir toparda çykyş edip, garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik galdyrmadylar. Olar dörtden bir finalda Omar Haşemi we Saif Haşemi (Iordaniýa) — 6:1, 6:1 hasabynda, ýarym finalda bolsa halkara jübüti bolan Markus Lorenso Gony (Filippinler) we Fahad Saifi (Yrak) — 7:5, 6:2 hasabynda ýeňdiler. Finalda olar ikinji belgili jübüt Anas Alzahrany we Suhail El-Taji El-Farukini (Saud Arabystany) super taý-breýkde — 7:5, 4:6, 10:8 hasabynda utmagy başardylar.

​Baýraklary Süleýman Hudaýberdiýewe dünýä tennisiniň rowaty Rafael Nadal gowşurdy.

​Süleýman 6 ýaşyndan bäri tennis bilen meşgullanýar. Ol ilkinji gezek 2023-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa birinjiliginde Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde kümüş medal alyp, özüni tanatdy. Geçen ýyl hem ýaş zehin üçin şowly boldy: Emirhan Rustamow bilen jübütleýin Täjigistanda we Gyrgyzystanda, şeýle hem rus tennisçisi Jamel Hakimow bilen Täjigistanyň Prezidentiniň kubogynda kümüş medallary gazandy.

​Oktýabr aýynda ol Dohada «3rd Qatar Asian Junior Tournament» ýaryşynda ikinji boldy, noýabrda bolsa «Ashgabat Open 2024» ýaryşynda şol üstünligini gaýtalady. Indi bolsa Saud Arabystanyndaky «Asian 14 & Under Category 2 Jeddah» turnirinde altyn we kümüş medallary eýeledi.

​Süleýman Aşgabat şäherindäki 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 8-nji synpynda okaýar we iňlis dilinde erkin gepleýär. Ol tälimçi Gurbanberdi Gurbanberdiýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Süleýmanyň iň uly arzuwy — dünýäniň birinji raketi bolup, Türkmenistanyň adyny bütin dünýä doldurmakdyr.

Habarçy: «ЗВ»

Esas: http://turkmenistan.gov.tm

Biziň hyzmatdaşlarymyz