Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň baş kätibi Eziz Döwletow Dewisiň Kubogyny we Halkara Tennis federasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlary geçirmek boýunça ITF-yň Prezidentiniň garamagyndaky işjeň halkara toparyna saýlandy. Agzalan toparyň düzümine Kosta-Rikanyň, Irlandiýanyň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Paragwaýyň, Ermenistan Respublikasynyñ, Daniýanyň, Gonkongyň, Şwesiýanyň, Niderlandyň, Guamyň, Özbegistanyň, Ysraýylyñ we Türkmenistanyň wekilleri girýär.
Toparyň agzalygyna ITF-yň dolandyryjy direktorlary, milli federasiýalaryň wekilleri hem-de beýleki degişli hünärmenler girýär. “ITF-2024-iň” baş ýörelgesinden ugur alyp, 2020-2021-nji ýylyň dalaşgärleriniň saýlawlary gender deñligini, islegleri we hyzmatdaşlygy göz öňünde tutmak esasynda geçirildi.