TÜRKMENISTANYŇ TENNIS
FEDERASIÝASY

year logotype

2019-njy ýylyň Tennis Wakalary – 2020-nji ýylda belent sepgitlere badalga.

Türkmen tennisiniň taryhynda üstünlikli wakalara baý bolan “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylyna paýtagtymyz Aşgabatda tennis boýunça Halkara Tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça ýaryşy geçirildi. Oňa 12 we ondan kiçi ýaşly tennisçiler gatnaşdylar. Meşhur tennisçi Mihail Ýužnynyň paýtagtymyza gelip, ýaşajyk tennisçiler bilen ussatlyk sapaklaryny geçirdi, türkmen tälimçiler bilen pikir alyşdy hem-de tennis boýunça halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça guralan gepleşiklere gatnaşdy.

 2019-njy ýylyň dekbyrynda Dewisiň Kubogyny almak boýunça Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça sebitara ýaryşyny ilkinji gezek Türkmenistanda geçirmek baradaky Kararyň kabul edilmegi bolsa ýurdumyzda halkara tennis ýaryşyny guramakda ajaýyp tejribe bolar.

Ýylyň dowamynda ýurdumyzyň çäginde okuw-seminar maslahatlary, milli we halkara ýaryşlary geçirilip, onda türkmen türgenleri, tälimçiler özleriniň kämillik ýoluna düşýändigini görkezdiler. Sportuň bu görnüşini döwür bilen deň ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň öz netijesini berýändigini tennis bilen meşgullanýan ýaşlaryň ýyl-ýyldan sanynyň artýandygyndan hem görmek bolýar.

2019-njy ýylda sport babatynhda, şol sanda tennisde hem durmuşa geçirilen işleri ýene näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Ol işler ýurdumyzyň türgenleriniň 2020-nji ýylda geçiriljek halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerine hem özüniň oňyn täsirini ýetirer.

Biziň hyzmatdaşlarymyz