TÜRKMENISTANYŇ TENNIS
FEDERASIÝASY

year logotype

Bildiriş: 14-16-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy UNISEF bilen bilelikde çagalar üçin tennis festiwalyny gurnar

14-16-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy BMG-nyň Türkmnistandaky Çagalar Gaznasy (UNISEF) bilen bilelkdikde paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň kortlarynda "çagalaryň tennis festiwaly" gurnalar.

Bu çäre Halkara saglyk gününe bagyşlanyp, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleri ornaşdyrmak hem-de sporty ýurdumyzda ýaýbaňlandyrmak maksadyny öz öňünde goýýar.

Festiwalyň çäklerinde çagalar we ýetginjekler üçin ýaryşlar, şeýle hem açyk sapaklar we bäsleşikler gurnalar.

14-nji we 15-nji aprelinde 18:00 açyk gapylar günleri geçirilip, ähli isleýän adamlar bu mümkinçilikden peýdalanyp bilerler.

Çeşme: Türkmenitanyň Daşary Işler Ministrligi

https://www.mfa.gov.tm/tm/articles/570

Biziň hyzmatdaşlarymyz