TÜRKMENISTANYŇ TENNIS
FEDERASIÝASY

year logotype

Türkmenistanly tennisçi gyz ýaşy 14-e çenli türgenleriň arasynda Hindistanda geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medal eýeledi

Описание: C:\Users\User\Downloads\170423-004.jpg

Türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa ýaşy 14-e çenli türgenleriň arasynda Hindistanyň Bhubaneswar şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medal eýeledi.

«Aşgabat» tennis akademiýasynyň 13 ýaşly bu tennisçisi Merkezi we Günbatar Aziýa toparynyň düzüminde özbek tennisçisi Emili Kim bilen bilelikde oýnap, şeýle üstünlik gazandy, olar şu ýylyň ýanwar aýynda Bahreýnde geçirilen sebit saýlama ýaryşynyň netijesi boýunça bu ýaryşa saýlanyp alyndy.

Aziýa çempionatynyň jemleýji tapgyryna ýekelikde we bilelikde oýnamakda 18 ýurtdan altmyşdan gowrak türgen gatnaşdy.

Gyzlaryň arasynda bilelikde oýnamakda 24 türgen medallar ugrunda bäsleşdi.

Çärýek tapgyryň ilkinji oýnunda Ilima Guseýnowa bilen Emili Kim Şri-Lankadan türgenleri 6:3, 6:1 hasabynda ýeňdiler, soňra ýarym finalda halkara duet Htaý Myint (Mýanma)/Rang Rong Szenden (Taýwan) - 6:3, 7:5 hasabynda üstün çykdylar, emma finalda welin Gazagystandan Ýewa Koryşewa bilen Ýerkežan Žanataewadan 1: 6, 2: 6 hasabynda utulyp, kümüş medal bilen oňmaly boldular.

Şu ýylyň başynda Ilima Bahreýnde geçirilen ýaşy 14-e çenli tennisçileriň arasynda Merkezi we Günbatar Aziýa çempionatyna saýlama tapgyrda kümüş we bürünç medala eýe boldy we Türkmenistandan tennis boýunça Aziýa çempionatynda ilkinji medal gazanan tennisçi hökmünde taryhy üstünlik gazandy. Ol şu ýylda geçiriljek Ýewropa ýaryşyna gatnaşmaga dalaşgärleriň biridir.

Şu güne çenli bu jemgyýetçilik sport guramasynyň hatarynda 1500-den gowrak tennisçi, sertifikatly 40 tälimçi bolup, olaryň 30-synyň ITF halkara tälimçilik şahadatnamasy bar. Olaryň biri Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we «Aşgabat» tennis akademiýasynyň baş tälimçisi Mirali Gasanow Halkara tennis federasiýasynyň karary bilen Hindistanda geçirilen yklym çempionatynyň final tapgyrynda kapitan hökmünde Merkezi we Günbatar Aziýanyň toparyna ýolbaşçylyk etdi, Ilima Guseýnowa onuň ýolbaşçylgynda sport ussatlygyny kämilleşdirýär.

 

«AA»-nyň habarçysy

Biziň hyzmatdaşlarymyz