TÜRKMENISTANYŇ TENNIS
FEDERASIÝASY

year logotype

Türkmen tennisçileri Omanda geçirilen halkara ýaryşda 6 medal gazandylar

14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysy Maskat şäherinde (Oman) geçirilen Merkezi we Günbatar Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edip, 2 altyn we 4 kümüş medal gazandy. Topar umumy sanawda ikinji orny eýeledi we Aziýa çempionatyna ýollanma aldy diýip, TTF-iň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň häzirki çempiony, ýekelikde iki altyn gazanan Ilima Huseýnowa we Aýlar Kakabaýewa ýaryşyň esasy gahrymanlaryna öwrüldiler. Gyzlar bilelikde ikibir ýaryşda 4 kümüş medal gazandylar.

                                                                  

Merkezi we Günbatar Aziýa çempionaty 5—18-nji ýanwarda Oman Patyşalygynda geçirilip, sebitdäki iň güýçli ýetginjekleri birleşdirdi. Ýaryşyň derejesini göz öňünde tutsaň, Türkmen tennisçileriniň ýeňşi has möhümdir.

Topara Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň eminler toparynyň başlygy Igor Zubkow ýolbaşçylyk etdi.

Çeşme: https://turkmenportal.com/blog/72783/turkmenskie-tennisisty-zavoevali-6-medalei-na-mezhdunarodnom-turnire-v-omane

Biziň hyzmatdaşlarymyz