TÜRKMENISTANYŇ TENNIS
FEDERASIÝASY

year logotype

Tennis boýunça Aşgabadyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri kesgitlendi

Türkmen paýtagtynda tennis boýunça birinjiligi eýelemek ugrunda «Aşgabat» köpugurly stadionda tamamlanan ýaryş ýaş türgenleriň 120-sini bir ýere jemledi.

Ýeňijiler we baýrak eýeleri 14 we 18 ýaş aýratynlyklary boýunça kesgitlendi. Gyzlaryň arasynda Aşgabadyň ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň okuwçysy Ilima Guseýnowa ýaş aýratynlyklaryň ikisi boýunça-da ynamly ýeňiş gazandy. Kiçi ýaş toparynyň finalynda ol Aşgabadyň 87-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewadan üstün çykdy – 6:4, 6:1, uly toparda bolsa iki setde Türkmenistanyň häzirki çempiony, Aşgabadyň 50-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aişa Bikbulatowany ýeňdi – 6:3, 6:2. 

Anna Ponýatowa we Aýnur Möwlamowa bürünç baýragyň eýeleri boldular. Ponýatowa 14 ýaşa çenli çagalaryň arasyndaky bäsleşikde Leýli Esenowadan üstün çykyp, 3-nji orny eýeledi, Möwlamowa bolsa hormat münberinden orun eýelemek ugrundaky duşuşykda 18 ýaşa çenli tapgyrda Leýli Hojamgulyýewany ýeňdi.

Ýaş oglanlaryň arasynda ýaş aýratynlyklaryň ikisinde-de birinji ornuň ykbaly taý-breýkde çözüldi. 14 ýaşa çenli toparda Aşgabadyň 86-njy orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Süleýman Hudaýberdiýew finalda Nazar Amangeldiýewden – 6:4, 3:6, 10:7 hasaplar bilen üstün çykyp ýeňiji boldy. 18 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda bolsa Aşgabadyň 51-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Resul Mämmetgurbanow finalda Selim Çagylowy – 6:4, 3:6, 11:9 hasaplary bilen ýeňdi.

Üçünji baýrakly orna Kerim Welibekow (14 ýaşa çenli) we Selim Pirjikow (18 ýaşa çenli) mynasyp boldular. S.Pirjikow 3-nji orun ugrundaky duşuşykda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Duşenbe şäheriniň soňky açyk çempionatynyň iki gezek kümüş baýragynyň eýesi Emirhan Rüstemowdan üstün çykdy. 

Jübütleýin görnüşde geçirilen ýaryşda Aşgabadyň 18-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Selim Çagylow we 88-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Selim Pirjikow Aşgabat şäheriniň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri boldular. Finalda bu jübüt Rüstem Mämmetgurbanow bilen Isgender Ýagmyrowdan üstün çykdylar, ýeňlenler bolsa kümüş baýragyň eýeleri boldular. 

Gyzlaryň arasyndaky jübütleýin ýaryşda Aişa Bikbulatowa hem-de Aýnur Möwlamowa hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar. Finalda olar Aýlar Serdarowadan we Dana Jumabaýewadan güýçli boldular. Ýeňlenler kümüş baýraga mynasyp boldular.

pen-icon«AA»-nyň habarçysy 

Çeşme: https://turkmenistan.gov.tm/

Biziň hyzmatdaşlarymyz