TÜRKMENISTANYŇ TENNIS
FEDERASIÝASY

year logotype

Abraýly ýetginjekler ýaryşyna türkmen tennisçileriniň ikisi çagyryldy

Türkmen türgenleriniň ikisi – Ilima Guseýnowa we Sülgün Işangulyýewa 7–14-nji sentýabr aralygynda Kambojada 14 ýaşa çenli Aziýanyň güýçli tennisçi oglanlaryň we gyzlaryň 24-siniň gatnaşmagynda geçiriljek abraýly «Grand Slam Tennis. Regional Championship 14 & Under» ýetginjekler ýaryşyna şahsy çakylyk aldylar. 

14 ýaşa çenli Grade A derejede Aziýa ýaryşlarynyň bäşisiniň finalçylarynyň 10-sy, Aziýanyň resmi görkezijisine görä oýunçylaryň 11-si we wild card alan 3 türgen şu ýaryşa gatnaşar. Olaryň biri ýaryş geçýän ýurda berildi. Galan ikisi Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) tutuş Aziýadan zehinli oýunçylara paýlandy. Olaryň biriniň geljegi uly tennisçi hökmünde ýaş türgenimiz Sülgün Işangulyýewanyň paýyna düşmegi hasam begendirýär.

1-nji oktýabrda 11 ýaşy dolýan Sülgün 9 ýaşynda Izmirde (Türkiýe) 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen halkara ýaryşynda üstünlik gazanyp, hünärmenleriň ünsüni özüne çekdi. Geçen ýyl «Türkiye Autumn Cup» ýaryşynda-da şeýle üstünlik gazandy. Bu ýyl bolsa Geýdar Aliýewiň hatyrasyna bagyşlanyp 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Bakuwda geçirilen ýaryşda ukrainaly Waleriýa Litwin bilen bilelikde kümüş medal eýeledi.

Türkmenistanyň birinji raketkasy Ilima Guseýnowa 14 ýaşa çenli tennisçileriň Aziýa görkezijisinde 2-nji orny eýeläp, «Grand Slam Tennis. Regional Championship 14 & Under» ýaryşyna çakylyga mynasyp boldy. Ol halkara ýaryşlarynda ençeme baýrak gazandy. Diňe şu ýyl Ilima daşary ýurtlarda geçirilen üç ýaryşda dürli derejeli dört medal eýeledi. Haýdarabatda (Hindistan) geçirilen «Asian 14 & Under Grade A» ýaryşynda ýekelikde bürünç we hindi tennisçisi Karthika Padmakumar bilen bilelikde altyn, Şymkentde (Gazagystan) geçirilen başga bir ýaryşda ýekelikde kümüş medal gazandy, şu aý bolsa Malaýziýada geçirilen «Selangor Asian 14 & Under Grade A (Southeast Asia)» ýaryşda Eýrandan Hana Şabanpur bilen bilelikde ikinji orny eýeledi.

«Grand Slam Tennis. Regional Championship 14 & Under» saýlama ýaryşdyr. Onuň netijelerine görä, Awstraliýada ýetginjekler açyk çempionaty-2025, Florida 2024 toparlaýyn halkara ýaryşlaryna we Ýewropadaky ýaryşlar tapgyryna gatnaşjak türgenler kesgitlener.

Mundan başga-da, Kambojadaky ýaryşa gatnaşyjylar üstünlikli çykyş etseler, görkezijilerini has-da ýokarlandyryp we gowy girdeji gazanyp bilerler. Oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýeňijiler 1500 görkeziji utugyny we ABŞ-nyň 3000 dollaryny, ikinji orny eýelänler 1250 görkeziji utugyny we ABŞ-nyň 1500 dollaryny, bürünç medal gazananlar bolsa görkezijisine bary-ýogy 1000 utuk alarlar.

«Grand Slam Tennis. Regional Championship 14 & Under» ýaryşy geçirilen günlerde Kambojada Aziýa tennis federasiýasynyň wekilleriniň mejlisi bolar, oňa Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 32 ýaşly baş tälimçisi Mirali Gasanow hem gatnaşar. Ol geçen ýylyň dekabrynda TTF-nyň her ýyl geçirilýän maslahatynda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy we şu ýylyň maý aýynda Astanada (Gazagystan) Aziýa tennis federasiýasynyň direktorlar geňeşiniň mejlisinde Aziýada ýetginjekler tennisiň ösdürmek boýunça ATF komitetiniň düzümine girdi.

pen-icon«AA»-nyň habarçysy

Çeşme: https://turkmenistan.gov.tm

Biziň hyzmatdaşlarymyz