TÜRKMENISTANYŇ TENNIS
FEDERASIÝASY

year logotype

Türkmenistanyň öňki bäş gezek çempiony ýurduň ilkinji raketkasy adyny yzyna gaýtaryp aldy

Türkmenistanyň öňki bäş gezek çempiony Ýuriý Rogusskiý ýene ýurduň ilkinji raketkasy diýen ada eýe boldy. Ol ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Kubogyny eýeläp, şeýle üstünlik gazandy.

 

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we tennis federasiýasynyň guran bu ýaryşa gatnaşmak üçin köpugurly «Aşgabat» stadionyň meýdançalaryna 113 türgen ýygnandy.

 

Ýekelikde, bilelikde we oglan-gyz bilelikde oýnan baýraklar ugrunda ýaryşda Aşgabatdan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan 59 oglan we 54 gyz bäsleşdi.

Erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde ýurduň iň güýçli iki tennisçisiniň – Türkmenistanyň iki gezek çempiony Meýlis Orazmuhammedowyň we Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi Ýuriý Rogusskiniň duşuşan final bäsleşigi uly gyzyklanma döretdi. Soňky iki ýylda Türkmenistanyň birinji raketkasy diýen at üçin olar çekeleşikli göreşýärler.

 

25 ýaşly Meýlis Orazmuhammedow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby. Okuwdan boş wagty «Aşgabat» tennis akademiýasynda ýaşajyk türgenleri taýýarlaýar. 3-nji noýabrda 29 ýaşy dolýan Ýuriý Rogusski Türkmenistanyň Serhet institutynda tälimçi bolup işleýär.

Geçen ýyl Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň finalynda Ý.Rogusskiý M.Orazmuhammedowy ýeňdi. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň çempionatynyň finalynda Meýlis Ýuri bilen doly haklaşdy – ony 6:1, 6:1 hasabynda ýeňip, ýurdumyzyň birinji raketkasy adyny onuň elinden aldy.

 

Finala barýan ýolda M.Orazmuhammedow Aly Geldiýewi 6:1, 6:3, Serdar Wepamyradowy 6:0, 6:0, Resul Ataýewi – 7:5, 6:4 we Merdan Hanowy – 6:2, 6:2 hasabynda utup, dört gezek aňsat ýeňiş gazandy.

Emma Ýuriý Rogusskiý finala çykmak üçin azap çekmeli boldy. Birinji iki oýunda Akbar Azizowy 6:0, 6:0 we Muhammetsapa Serdarowy 6:0, 6:2 hasabynda ýeňlişe sezewar eden Ýuriý çärýek finalda sekizinji belgili Allanur Daýanjowdan tas utulypdy. Birinji setde – 3:6 hasabynda ýeňlişe sezewar bolan Rogusskiý, ikinji oýunda dört utuk utup, 7:2 hasabynda ýeňiş gazandy. Üçünji setde garşydaşy utuldy.

 

Ýarym finalda Ýuriý Rogusskä 7-nji belgili Gurbanberdi Gurbanberdiýewi utmak üçin 2,5 sagat gerek boldy. Ýuriý birinji setde 6:2 hasabynda ýeňiş gazandy, ikinjisinde 3:6 hasabynda ýeňildi. Diňe üçünjisinde, Türkmenistanyň öňki çempiony 7:5 hasabynda kynlyk bilen ýeňiş gazandy.

Dartgynlylygy bilen oýunçylaryň ysgynyny alan 2 sagat 40 minut dowam eden bu final oýun Ýuriý Rogusskiniň oýnuna güýçli täsir etdi. Birinji setde ol ýadaw görünýärdi, şonuň üçin aňsatlyk bilen utuldy – 1:6. Ikinjisinde Ýuriý özüni ele aldy, iki gezek breýk gazanyp, 6:3 hasabynda ýeňiş gazanyp, hasaby deňledi.

 

Hasap 4:4 bolýança aýgytlaýjy setde tennisçiler deňeçer oýnadylar. Soňra breýk aldylar – 5:5, şondan soň hasap ýene deňleşdi – 6:6. Duşuşygyň dartgynly pursadynda Meýlis Orazmuhammedow üç matçbol aldy. Ý.Rogusskiý olary yzyna aldy, soň öňe saýlandy we ikinji setde erjel ýeňiş gazandy – 8:6!

Aşgabadyň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň 11-nji sport mekdebiniň tälimçisi Gurbanberdi Gurbanberdiýew altynjy belgili Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Merdan Hanowy – 6:4, 6:7, 7:6 hasabynda kynlyk bilen ýeňip, üçünji orny eýeledi.

 

Soňra Ýuriý Rogusskiý Türkmenabadyň orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy 15 ýaşly Sabina Rahmanowa bilen bilelikde oýnap, ýene bir ýeňiş gazandy. Finalda olar Didar Wepamyradow bilen Maral Ahmedowadan – 6:3, 7:6 (7:5) hasabynda üstün çykdylar.

Erkekleriň arasynda iki bolup oýnalýan geçirilen ýaryşda dördünji belgili Selim Çagylowdan we Selim Pirjikowdan – 6:4, 7:6, 10:6 hasabynda üstün çykan Hajymyrat Çaryýew we Meýlis Orazmuhammedow Türkmenistan Kubogynyň ýeňijileri boldular.

 

Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň birinji raketkasy Ilima Guseýnowanyň Kambojada geçirilýän «GSPDP Asian 14&U Junior Championships 2024» abraýly ýetginjekler ýaryşyna gatnaşmagy sebäpli bu bäsleşige gatnaşmanlygy üçin Aşgabadyň 50-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýşa Bikbulatowa ilkinji gezek Türkmenistanyň Kubogynyň ýeňijisi boldy. Bu üstünlige barýan ýolda tälimçi Jennet Hallyýewanyň birinji belgili 17 ýaşly okuwçysy Aýgözel Berdiýewany 6:0, 6:0, Ksenia Sorokinany – 6:0, 6:1, Leýla Hojamgulyýewany 6:2, 6:0 hasabynda utdy. Ýarym finalda Aýşa garyşyk jübütde 2024-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşyň ýeňijisi 3-nji belgili Sabina Rahmanowany 6:1, 6:1, finalda bolsa çekeleşikli göreşde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Rožan Garajaýewany 7:5, 7:5 hasabynda utdy.

 

Jemleýji oýun A.Bikbulatowa ýeňil düşmedi. Iki setde-de garşydaşyndan: birinjisinde – 3:5, ikinjisinde – 4:5 hasabynda utulýardy. Şeýle bolsa-da, ol oýny öz haýryna tamamlamaga güýç tapdy.

«6:5 hasabynda öňe çykanymdan soň, Rožan üç matçbol gazandy. Diňe 4-njide garşydaşymyň beren pökgüsini meýdançanyň burçuna urup, finalda utmagy başardym» – diýip, A.Bikbulatowa aýtdy.

 

Şeýle hem 2024-nji ýylda geçirilen Türkmenistanyň Kubogynyň ýeňijisi Bahreýnde şu ýylyň noýabr aýynda zenan toparymyza Billi Kingan King Kubogy ugrunda ýaryş ýaly çynlakaý synagyň garaşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň ýolbaşçylaryna jogapkärli ýaryşlara gatnaşmaga taýýarlyk görmek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bürünç medaly Sabina Rahmanowa eýeledi, ol üçünji ýer üçin duşuşykda Aşgabadyň 19-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy, dördünji belgili Jennet Çaryýewany 6:3, 6:4 hasabynda utdy.

Zenanlaryň bilelikde oýnunda Anastasiýa Azimbaýewa we Rožan Garajaýewa aýgytlaýjy duşuşykda Aýnur Annamyradowadan we Jennet Çaryýewadan 6:2, 6:2 hasabynda üstün çykdylar.

pen-icon«AA»-nyň habarçysy

Çeşme: https://turkmenistan.gov.tm

Biziň hyzmatdaşlarymyz